Bilim sistemasynyň ömrümizi iýişi
Köpüňizde bolan bolmagy mümkin. Mekdebe ýada ýoj-a gatnaýaň, okaýaň, öwrenýäň, bilim alýaň. Öwrenýäň? Bilim alýaň? Çynyňmy? Biderek gürrüň etmesenaý 🙂 Onda näme üçin hiç kim seni işe alyberenok mekdepden ýada ýoj-dan soň? Tejribäň ýokmy? Tejribe edinmek üçinem mugdyna işläp bermelimi ?
Gowusy diplom almak üçin egzaminlardan geçýän diý dogrusy. Ýada akylly gyzym-oglum plan mekdepde, ýoj-da bäşlik bahalar bilen okaýar diýmek üçin okaýan diý. Ýada jigimiň aýdyşy ýaly başlyk bolmak üçin okaýaňmy?
Näme üçindir kimdir birileriniň bir wagtky ideal diýip döreden we köküniň hiç üýtgemeýän okuw sistemasynda bir zatlaryň ýetmeýänligini sizem görýäňizmi? Göräýmägä dünýäň öňde baryjy uniwersitetlaram adamlary öz guran sistemasy boýunça akylly we samsyk diýip toparlara bölüp baha berýärler. Ýada bilimiň ýetersiz diýip okuwyna almagy ejizlik görýän ýoj-lar soň ýalbaryp özlerinde leksiýa geçmeklerini isleýän şahsyýetlerini bilýän bolsaňyz gerek.
Gelejekde nähili nä derejede peýdasy degip-degmejegi näbelli zatlary ýatdan bilmegiňiz talap edilýär. Belkem şol mekdepdäki ikilikçi okuwçylaryň gelejekde üstünlikli ýerlere gelmeginiň asyl sebäbi mugallymlarynyň gyjalatydyr. Ýada her talap edilýän zady ýerine ýetirmedik ikilikçi okuwçylaryň erkin pikir ýöretmegi gelejekde erkin öz işlerini edip üstünlikli bolmagydyr.
Hemişe özüme soraýan : “ Näme üçin ýoj-larda şonça gerek-gerekmejek öwredilýän zatlaryň içinde birje-de bolsa , hut birje-de bolsa şol öwrenýän zatlarymdan nädip pul gazanmagymy öwredenoklar”. Ýa asyl maksat maňa pul gazanmagy öwretmek däl-de , jemgyýete döwlete mugt-ýarym işläp bermegimmi?! Näme üçin menden ÝOJ-a girmänkäm näme üçin şu ugry saýladyň diýip soramadylar? Eýsem bu sorag birinji sorag bolmaly dälmi näme? Ýa-da seň arzuwyň näme , öz arzuwyňa ýetmegi kär edin diýen birje bolsada adam çykmady. Mekdepler — ÝOJ-lar adamlary baha goýmak bilen tapawutlanmakdan el çekýänçäler meniň üçin gury edara jaýlarynyň biri. Ýagny möhüm we owadan bina, peýdasy degmeýän skulpturalar deýin.
Öňde biri aýtmyşlaýyn :” ÝOJ size ylym-bilimden esasy jogapkärçilik gazanmagy ,wagtyňy produktiw ullanmagy, her-hili kynçylygy nämä durýan bolsa-da çözmegi öwredýär” diýipdi . 5–10 ýyl gaty köpmükä diýýän bu zatlar üçin. Häzirki wagtda şol zatlary nirä barsaňam düşündirýärler, bir-iki manat berseň durmuşyňy nädip ýola goýmalydygyňam öwredýärler. Ýöne adam özüne erk edip bilmese näme. Özüne , hereketlerine , aýdýan zatlaryna erk edip bilmedik adama müň ylym öwredeňde näme , barybir “aý ýene şomaý” diýip yzyňdan gep ediljek bolsa.